Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni Dubaýda geçirilýän BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasynyň taraplarynyň nobatdaky 28-nji mejlisinde (COP-28) eden çykyşynda Türkmenistanda BMG-niň howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini açmak barada başlangyjy tassyklady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Türkmenistanyň döwlet Baştutany öz çykyşynda şu ýylyň 13-nji noýabrynda sebit maksatnamalaryny işläp taýýarlamak üçin Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (UNEP) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilendigini belläp, şol sebit maksatnamalarynyň bolsa howa tehnologiýalaryny Türkmenistana we Merkezi Aziýanyň döwletlerine geçirmäge gönükdirilendigini aýtdy.
“Bu resminama Merkezi Aziýada BMG-niň howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Türkmenistanda Sebit merkezini açmak baradaky meselä jikme-jik garamak üçin ilkinji ädim hem-de düýpli hukuk şerti hökmünde garaýarys” diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow belledi.
Şeýle-de Türkmenistanyň döwlet Baştutany 80 milliona golaý ilatly, täsin tebigy serişdelere we bioköpdürlülige eýe bolan we şol bir wagtyň özünde düýpli ekologik wehimleriň zolagynda ýerleşýän sebit üçin BMG-niň ýöriteleşdirilen merkezini döretmek baradaky Türkmenistanyň başlangyjy bu gün aýdyň mümkinçiliklere eýe bolýandygyny belledi.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň döwlet Baştutany öz çykyşynda ýurduň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygy, şeýle hem Türkmenistanyň teklip edilýän Howa we Saglyk boýunça Jarnamany goldaýandygyny aýtdy.