Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni Dubaýda geçirilýän BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasynyň taraplarynyň nobatdaky 28-nji mejlisindäki (COP-28) çykyşynda, Türkmenistanyň teklip edilýän Howa we Saglyk boýunça Jarnamany goldaýandygyny aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi.
“Türkmenistan howanyň üýtgemegine garşy göreşmek ulgamynda milli hökümetleriň we ýerli häkimiýetleriň arasynda utgaşykly hereketiň möhümdigini ykrar etmek bilen, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça belent maksatly köp derejeli hyzmatdaşlyk üçin СOP28 koalisiýasyny döretmek hakyndaky başlangyjyny goldamaga taýýardyr” diýip, Türkmenistanyň döwlet Baştutany nygtady.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň milli bähbitlerini nazara almak bilen, Emirlikler Jarnamasynyň maksatlaryna ýetmek üçin gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi bilen oba hojalygy, ekologiýa, energetika, maliýe, saglygy goraýyş ulgamlarynda sebit we ählumumy derejelerde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýurduň taýýardygyny belledi.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň döwlet Baştutany öz çykyşynda ýurduň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygy aýtdy we Türkmenistanda BMG-niň howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini açmak barada başlangyjy tassyklady.