Tejen şäherinde döwrebaplaşdyrylan awtomenzil ulanylmaga berildi

BT
Tejen şäherinde döwrebaplaşdyrylan awtomenzil ulanylmaga berildi
Ýolagçylar Tejen şäheriniň awtomenzilinde awtobuslara münýärler.

Tejen şäherinde ýolagçy gatnatmak hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, şäheriň awtomenzili düýpli döwrebaplaşdyrylyp, ulanylmaga berildi. Bu barada Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi şenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, binanyň durky bütinleý täzelenip, onda ýolagçylar we sürüjiler üçin zerur bolan ähli oňaýly şertler döredildi.

Häzirki wagtda täze awtomenzilden jemi 17 sany ugur boýunça yzygiderli awtobus gatnawlary amala aşyrylýar. Gatnawlaryň gerimi diňe bir Tejen şäheriniň içini däl, eýsem golaýdaky geňeşlikleri we beýleki etraplary hem öz içine alýar. Hususan-da, Garaşsyzlyk, Täze oba, Birleşik, Agalaň, Ak-Altyn, B.Kerbabaýew, Garrygala, Göni Amaşa, Döwletli we Gurbandurdy geňeşliklerine, şeýle hem Bagtyýarlyk, Bitaraplyk we Gaňňaly şäherçelerine awtobuslar gatnap başlady.

Mundan başga-da, awtomenzilden Babadaýhan etrabyna, Altyn-Asyr we Sarahs şäherlerine çenli uzak aralyklara hem gatnawlar ýola goýuldy. 

Amala aşyrylýan bu özgertmeler ilat üçin döwrebap we ýokary hilli ulag hyzmatlarynyň elýeterliligini üpjün edýär. 

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022