Sakarçäge etrap häkimligi gurluşyk-gurnama işlerini ýerine ýetirmek üçin kärhanalary hyzmatdaşlyga çagyrýar

Sakarçäge etrap häkimligi Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 24-nji maýyndaky “Mary welaýatynyň Wekilbazar, Sakarçäge we Türkmengala etraplarynda täze, döwrebap şäherçeleri gurmak hakynda” 1237 belgili Kararyny ýerine ýetirmek we Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 8-nji iýulyndaky 178 belgili Karary bilen tassyklanan “Ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de raýatlaryň ýaşaýyş jaýyna bolan isleglerini kanagatlandyrmak, ilatyň ýaşaýyş şertlerini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, etrabyň Gumgüzer geňeşliginiň Garybata obasynyň demirgazyk-günbatar tarapynda düýbi tutulyp, gurluşyk işleri alnyp barylýan täze döwrebap şäherçäniň baş meýilnamasynda göz öňünde tutulan 1 gatly, 3 hem-de 4 otagly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyk-gurnama işlerini alyp barmaklyga isleg bildirýän döwlet we hususy edara-kärhanalaryny işlemäge, şeýle hem ipoteka ýaşaýyş jaýyny almaklyga isleg bildirýän raýatlary çagyrýar.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

8 (522) 6-08-35

8 (566) 5-01-01

8 (566) 5-00-40

Ayrıca bakınız
2022