Göçme birža söwdasy 5-nji martda geçiriler

Aşgabatda geçiriljek owgan harytlarynyň sergisiniň we türkmen-owgan işewürler maslahatynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan guralýan Birža söwdalary 2024-nji ýylyň 5-nji martynda sagat 11:00-da Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriler. Göçme birža söwdasyna esasan nebit-himiýa, dokma senagaty, gurluşyk materiallary we oba hojalyk pudagyna degişli bolan önümler çykarylar. Gatnaşyjylary hasaba almak sagat 10:30-da başlanýar.

Gyzyklanma bildirýän taraplar aşakda görkezilen salgylar we telefon belgileri arkaly habarlaşyp bilerler.

Telefon belgiler:

+99312-44-61-16

+99312-44-66-10

E-mail:

info@exchange.gov.tm

brokers@exchange.gov.tm

Ilan eden:
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy
Ayrıca bakınız
2022