Baýramaly şäher häkimligi ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy boýunça döwlet we hususy edara-kärhanalaryny hyzmatdaşlyga çagyrýar

Baýramaly şäher häkimligi Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 8-nji iýulyndaky 178 belgili Karary bilen tassyklanan “Ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de raýatlaryň ýaşaýyş jaýyna bolan isleglerini kanagatlandyrmak, ilatyň ýaşaýyş şertlerini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, şäheriň 12-nji jaý toplumynyň günorta-gündogar tarapynda täze, döwrebap jaý toplumynyň Baş meýilnamada göz öňünde tutulan 1 gatly, 3 hem-de 4 otagly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyk gurnama işlerini alyp barmaga isleg bildirýän döwlet we hususy edara-kärhanalary üçin bäsleşik yglan edýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

8 (522) 6-08-31

8 (564) 6-03-70

Ayrıca bakınız
2022