TSTB-niň ýanyndaky Telekeçileriň taslama merkezi birnäçe ugurlar boýunça hyzmatlaryny hödürleýär

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakyndaky Döwlet Maksatnamalaryna laýyklykda, ata Watanymyzyň ykdysady ulgamynyň hem-de döwletimiziň hususy pudagynyň işine ýakyndan ýardam bermek we olaryň işewürlik taslamalaryny seljermek hem-de oňyn netijenamalary çykarmak, maslahat bermek maksady bilen,Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýanynda Telekeçileriň taslama merkezi (TTM) öz işine başlady.

Telekeçileriň taslama merkezi şu aşakdaky ugurlar boýunça işleri amala aşyrar:

  • döwletimiziň hususy pudagynyň, ýuridik şahslarynyň we raýatlaryň işewürlik taslamalaryna guramaçylyk-hukuk, maliýe ykdysady we ekologiýa seljermesini bermek;
  • maýa goýumlary çekmek we taslama işlerini durmuşa geçirmekde taraplaryň işini utgaşdyrmak boýunça degerli ýardamlary we maslahatlary bermek;
  • ozal ýola goýlan, ýöne esasly sebäplere görä işi dowam edip bilmeýän işewürlere (telekeçilere) amatly şertler we täze mümkinçilikler babatynda degişli kömeklerdir maslahatlary bermek;
  • daşary söwda gatnaşyklarynda iş alyp barjak taraplara ykdysady dolandyryş işleri (salgyt, gümrük paçlary aktiwler we ş.m.) boýunça maglumat hyzmatlaryny ýerine ýetirmek;
  • döwletimiziň hususy pudagynyň ykjam we netijeli hereket etmegi üçin ulgamyň ähli ugurlary boýunça degişli temalarda maslahat okuwlary hem-de göni gepleşikleri guramak, geçirmek we işleri ýola goýmak.

Salgysy: Aşgabat şäheri, Atamyrat Nyýazow şaýolunyň 174-nji jaýy.

Telefon belgileri:

+993 12 21-23-16

+993 64 88-45-98

e-mail:

taslamamerkezi@gmail.com

Ayrıca bakınız
2022