Lebap welaýatynyň Saýat etrabynda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçiriler

Saýat etrabynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2024-nji ýylyň 28-nji iýunynda Saýat etrabynyň Saýat şäher geňeşliginde (Saýat şäheriniň S. Nyýazow köçesiniň 31-nji jaýy) 09:00-dan 11:00-a çenli boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär.

Saýat etrabynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;

Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýär.

Salgysy: Saýat etrabynyň Saýat şäheriniň Türkmenabat köçesiniň 39-njy jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+993(447)-2-35-11

+993(447)-2-13-11

Ayrıca bakınız
2022