TDEHB
Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresi geçiriler
Ahal welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi 2024-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda Tejen etrabynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminiň Tejen şäheriniň Magtymguly köçesiniň 35-nji jaý salgysynda ýerleşýän öz edara binasynda sagat 10:00-dan 12:00-a çenli boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär we Tejen etrabynyň çäginde ýerleşýän edara-kärhanalary, guramalary, firmalary, kompaniýalary özlerinde eýelenmedik bar bolan boş iş orunlaryny hödürlemeklige çagyrýar.
Işe girmek isleýän raýatlary geçiriljek çärä çagyrýarys. Olar ýany bilen pasportyny we zähmet depderçesini alyp gelmeli.
Habarlaşmak üçin telefon belgisi: (800135) 7-18-02.
Ayrıca bakınız