Aşgabat şäherinde ilata boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçiriler

Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi, Bagtyýarlyk, Berkararlyk, Büzmeýin, Köpetdag etraplarynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümleri hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti bilelikde 2024-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýynda ýerleşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň edara binasynda sagat 9:00-dan 12:00-a çenli boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresiniň geçirilýändigini habar berýär.

Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy düzümleriň öz wekilleriniň bu çärä boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini, işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi we hünärini tassyklaýan resminamasy bilen gelmeklerini haýyş edýäris.

Habarlaşmak üçin salgylary we telefon belgileri:

  1. Aşgabat şäheriniň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirliginiň ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi, Seýitnazar Seýdi köçesiniň 3-nji jaýy — tel: 92-14-56.
  2. Bagtyýarlyk etraby, Bekrewe köçesiniň 25-nji jaýy — tel: 37-46-68.
  3. Berkararlyk etraby, Bekrewe köçesiniň 25-nji jaýy — tel: 37-46-67.
  4. Büzmeýin etraby, Oguz han köçesiniň 8-nji jaýy — tel: 35-12-69.
  5. Köpetdag etraby, Seýitnazar Seýdi köçesiniň 3-nji jaýy — tel: 92-15-26.
  6. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýy — tel: 22-74-07.

Ayrıca bakınız
2022