Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” paýdarlar täjirçilik banky özüniň täze “internet bank” hyzmatyny hödürleýär

Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” paý darlar täjirçilik banky ýuridik şahslara we hususy telekeçilere sanly bank hyzmatynyň amatly mümkinçiliklerini hödürleýär. Sanly ulgamda hereket edýän “Internet bank” hyzmaty arkaly müşderilere banka barmazdan öz hasaplaşyk hasaplary boýunça galyndylaryny, banka iberilen töleg resminamalarynyň hereketini görmek, hasaplaşyklary geçirmek, karz almak we goşmaça bank hasaplaryny açmak boýunça ýüztutmalaryny onlaýn görnüşde banka ibermek ýaly amatlyklardan peýdalanmaga doly mümkinçilik döredilen.

Bu amallaryň ählisini günüň islendik wagtynda internet ulgamy bar bolan islendik ykjam enjamlar (şahsy kompýuter, planşet, ykjam telefon) arkaly ýerine ýetirip hem bolar.

“Internet bank” hyzmatynyň amatlyklaryndan peýdalanmak üçin bankyň merkezi diwanyna ýa-da onuň şahamçalaryna ýüz tutup bilersiňiz.

Web sahypasy: www.tbbank.gov.tm

Ayrıca bakınız
2022