TDEHB
Iňlis dilini ösdürmek (ELCD) maksatnamasy hususy kärhanalaryň işgärlerini tölegsiz iňlis dili okuwlaryna çagyrýar
ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan maliýeleşdirilýän Iňlis dilini ösdürmek (ELCD) maksatnamasy hususy kärhanalaryň işgärlerini Mary şäherinde geçiriljek iňlis dili okuwlaryna gatnaşmak üçin çagyrýar.
Bu okuw halkara söwda, eksport üçin haryt öndürmek, daşary ýurtlardan harytlary we hyzmatlary satyn almak, syýahatçylyk, we degişli ugurlarda işleýän hünärmenlere iňlis dilini kämilleşdirmäge we işlerinde dil päsgelçiligini aradan aýyrmaga ýardam eder.
Okuw barada maglumat:
- Formaty: Mary şäherinde “offline” görnüşinde intensiw okuwlar.
- Dowamlylygy: 2025-nji ýylyň awgust – dekabr aýlary aralygynda (Elementary we Pre-Intermediate derejeler).
- Okuwlar tölegsiz.
Kimler gatnaşyp biler:
- Häzirki wagtda halkara söwda, eksport üçin haryt öndürmek, daşary ýurtlardan harytlary we hyzmatlary satyn almak, syýahatçylyk, we degişli ugurlarda işleýän Türkmenistanyň raýatlary.
- Maksatnama gatnaşyjylar bäsleşik esasynda saýlanyp kesgitlener.
Okuwa gatnaşmak üçin 2025-nji ýylyň awgust aýynyň 7-ne sagat 23:59 çenli aşakdaky link arkaly anketany dolduryp ýüz tutuň:
Soraglar ýüze çykan ýagdaýynda şu elektron salgysy arkaly habarlaşyp bilersiňiz: elcd.tkm@gmail.com
Ayrıca bakınız









