Balkanabat şäherinde ilata boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçiriler
Balkan welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi hem-de Balkanabat şäheriniň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2025-nji ýylyň 28-nji oktýabrynda sagat 10:00-dan 12:00-a çenli ilata boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresini geçirýändiklerini habar berýärler.
Kärhanalaryň, guramalaryň, edaralaryň hem-de hususy telekeçileriň özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini, işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň bolsa şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa, zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy: Balkanabat şäheriniň Atamyrat Annanyýaz ogly köçesiniň ugrunda ýerleşýän welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Balkanabat köpugurly sport toplumy.
Habarlaşmak üçin telefonlar: (+993222) 2-88-36, 2-84-45, 2-84-98.









