Mary welaýatynyň Garagum we Türkmengala etraplarynda maý aýynda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçiriler

Garagum etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2026-njy ýylyň 1-nji maýynda Garagum etrabyndaky 23-nji orta mekdepde sagat 9:00-dan 11:00-a çenli, Türkmen gala etrabyndaky zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2026-njy ýylyň 4-nji maýynda Türkmengala etrabynyň medeniýet bölüminde sagat 9:00-dan 11:00-a çenli aralykda boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär!

Edaralaryň kärhanalaryň, guramalaryň hem-de hususy telekeçileriň özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;

Işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.

Çäräniň geçiriljek ýeriniň salgysy: Garagum etrabynyň Ýagtyýol şäherçesiniň Azatlyk köçesiniò 4-nji jaýy, şeýle-de, Türkmengala şäheriniň Magtymguly köçesiniň 21-njy jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

800557 4-02-36;

800569 3-06-26;

800569 3-06-29

Ayrıca bakınız
2022