Lebap welaýatynda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň kabul edişligi geçiriler

Lebap welaýatynyň häkimligi raýatlaryň ýüztutmalary boýunça welaýat, şäher we etrap toparlarynyň 2026-njy ýylyň maý aýynda raýatlary kabul edýän günleriniň tertibi barada habar berýär. Welaýat häkimliginiň toparynyň kabul edişligi 2026-njy ýylyň 2-nji we 16-njy maýynda sagat 08:00-da başlanýar. Şäher, etrap häkimliklerinde 2026-njy ýylyň maý aýynyň şenbe günleri sagat 08:00-da başlanýar.

2026-njy ýy lyň 7-nji we 21-nji maýynda welaýat adalat bölüminiň we adalat edaralarynyň ulgamyna girýän beýleki gulluklaryň, prokuratura, kazyýet edaralarynyň jogapkär işgärleriniň hem-de adwokatlar kollegiýasynyň agzalarynyň gatnaşmaklarynda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişliginiň geçiriler.

Kabul edişlik Türkmenabat şäheriniň A.Nyýazow köçesiniň 8-nji jaýynda — welaýat adalat bölüminiň edara binasynda sagat:30-dan 19:00-a çenli aralykda geçiriler.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+993 (422) 3-20-54

Ayrıca bakınız
2022