TSTB Balkan welaýatynda täze desgalary gurmak üçin telekeçileri hyzmatdaşlyga çagyrýar

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi Türkmenistanyň Prezidentiniň döwlet maksatnamalaryna we Kararlaryna laýyklykda, birleşmäniň agzalaryna Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde, Bereket, Gyzylarbat hem-de Esenguly etraplarynda aşakda görkezilen desgalary gurmagy hödürleýär:

Desganyň ady: Ösen senagat zolagynda önümçilik desgalary, ýerleşýän ýeri: Balkanabat şäheri
Desganyň ady: Hususy gurluşyk kompaniýalarynyň önümçilik bazasy, ýerleşýän ýeri: Balkanabat şäheri
Desganyň ady: Azyk önümlerini saklamak üçin sowadyjy ammar, ýerleşýän ýeri: Balkanabat şäheri, möçberi: 1 gektar
Desganyň ady: Maldarçylyk fermasyny gurmak hem-de suw tygşytlaýjy usullary ornaşdyryp, ot-iýmlik ekinleri ösdürip ýetişdirmek, ýerleşýän ýeri: Bereket etraby, möçberi: 103 gektar
Desganyň ady: Suw tygşytlaýjy usullary ornaşdyryp, miweli baglary ösdürip ýetişdirmek, ýerleşýän ýeri: Bereket etraby, möçberi: 60 gektar
Desganyň ady: Keramzit öndürýän kärhana, ýerleşýän ýeri: Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesi, möçberi: 1 sany
Desganyň ady: Sement zawody, ýerleşýän ýeri: Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesi, möçberi: 1 sany
Desganyň ady: Ýod zawody, ýerleşýän ýeri: Esenguly etrabynyň Ekerem şäherçesi, möçberi: 1 sany
Desganyň ady: Toý mekany, ýerleşýän ýeri: Gyzylarbat etrabynyň Rowaç obasy, möçberi: 300 orunlyk
Desganyň ady: Azyk we senagat harytlary dükany, ýerleşýän ýeri: Gyzylarbat etrabynyň Rowaç obasy, möçberi: 50 m2
Desganyň ady: Toý mekany, ýerleşýän ýeri: Bereket etrabynyň Galkynyş şäherçesi, möçberi: 300 orunlyk
Desganyň ady: Hyzmatlar öýi, ýerleşýän ýeri: Bereket etrabynyň Galkynyş şäherçesi, möçberi: 1000m2
Desganyň ady: Bazarly söwda merkezi, ýerleşýän ýeri: Bereket etrabynyň Galkynyş şäherçesi, möçberi: 1 sany
Desganyň ady: Bir gatly azyk we senagat harytlary dükany, ýerleşýän ýeri: Gyzylarbat etraby, “Altyn asyr” Türkmen köli, möçberi: 1 sany
Desganyň ady: Balykçylyk hojalygyny döretmek, ýerleşýän ýeri: Gyzylarbat etraby, “Altyn asyr” Türkmen köli, möçberi: 1 sany

Habarlaşmak üçin: TSTB-niň Balkan welaýat bölümi, telefon belgileri:

+993 (222) 2-10-77

+993 (222) 2-20-77

+993 (222) 2-30-77

Faks:

+993 (222) 2-09-77

Ayrıca bakınız
2022