TSTB-niň Balkan welaýat bölümi gurluşyk işleri boýunça kärhanalary hyzmatdaşlyga çagyrýar

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Balkan welaýat bölümi Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul eden Maksatnamalaryna we Kararlaryna laýyklykda, birleşmäniň agzalaryna Balkanabat şäherinde, Türkmenbaşy, Bereket hem-de Gyzylarbat etraplarynda şu aşakda görkezilen desgalary gurmak üçin hödürleýär:

  1. Balkanabat şäheriniň ösen senagat zolagynda önümçilik desgalaryny gurmak;
  2. Türkmenbaşy etrabynda hususy gurluşyk kompaniýalarynyň önümçilik bazasyny gurmak;
  3. Gyzylarbat etrabynyň Arkaç geňeşliginiň çäginde 300 orunlyk «Toý mekanyny», azyk we senagat harytlary dükanyny, şeýle hem «Altyn asyr» Türkmen kölüniň sebitinde azyk we senagat harytlary dükanyny gurmak;
  4. Bereket etrabynyň Gulmaç geňeşliginiň çäginde 300 orunlyk «Toý mekanyny», hyzmatlar öýüni, söwda merkezini gurmak.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+993 (222) 21-0-77

+993 (222)22-0-77

Faks:

+993 (222) 20-9-77

Читайте также
ОТПРАВИТЬ НАМ НОВОСТИ
ОТПРАВИТЬ
2022