Ahal welaýatynyň häkimligi ýerli gurluşyk kärhanalary hyzmatdaşlyga çagyrýar

Ahal welaýatynyň häkimligi welaýatda medeni durmuş maksatly binalary, desgalary, inžener üpjünçiligi ulgamlaryny hem-de awtomobil ýollaryny (köçeleri) täze gurmak, hereket edýänleriniň durkuny täzelemek (abadanlaşdyrmak) işlerini ýerine ýetirmäge isleg bildirýän, şol işlere döwlet ygtyýarnamasy bar bolan hem-de Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli gurluşyk kärhanalaryny potratçy hökmünde işe çagyrýar.

Ähli isleg bildiren ýuridik taraplar tekliplerini şu salga ýollamaly:

Ahal welaýaty, Ak bugdaý etraby, Änew şäheri, Ahal köçesi, 4-nji jaý. (Ahal welaýatynyň Düýpli gurluşyk müdirligi).

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+993 (137) 33-4-17

+993 (137) 33-5-40

Faks:

+993 12 59-43-27

Автор:
Ahal welaýatynyň häkimligi
Читайте также
ОТПРАВИТЬ НАМ НОВОСТИ
ОТПРАВИТЬ
2022