TITU ýaş zehinlerini innowasion tehnologiýalar boýunça bäsleşige gatnaşmaga çagyrýar

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti 35 ýaşa çenli bolan ýurdumyzyň ähli ýaşlarynyň arasynda innowasion tehnologiýalaryň bäsleşigi Sizi gatnaşmaga çagyrýar.

Ýaşlar bäsleşige web sahypalarynyň we programma üpjünçilikleriniň, mobil goşundylaryň, robotlaryň, elektron enjamlaryň işjeň ýagdaýyndaky nusgasyny, sanly we innowasion ykdysadyýetiň modellerini, hyzmatlaryň innowasion görnüşlerini, himiki we biotehnologiýalar, kiberhowpsuzlyk we maglumat tehnologiýalar boýunça taslamalary, oba hojalygy, lukmançylyk we ş.m. beýleki islendik ugurlar boýunça öz işlerini we pikirlerini hödürläp bilerler. Teklip edilýän taslamalaryň täze pikirleriň esasynda döredilen ýa-da kämilleşdirilen bolmagy hökmanydyr.

Bäsleşigiň şertleri:

Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänler 2024-nji ýylyň 1-nji apreline çenli şu formany dolduryp, hasaba durmaly. Bäsleşige şahsy we toparlaýyn görnüşde gatnaşmak rugsat berilýär (toparlaýyn görnüşde gatnaşýanlaryň adam sany 3-den köp bolmaly däldir). Hasaba alnan gatnaşyjylar taslamasyny doly görnüşde taýýarlap, onuň işjeň ýagdaýy baradaky beýany 2024-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli prezentasiýa görnüşinde (mümkin bolsa goşmaça 1-3 minutlyk düşündirişli wideo ýazgy) link arkaly ýüklemeli (link we prezentasiýanyň nusgasy hasaba alnan her bir bäsleşige gatnaşyja 1-nji aprelden soňra iberiler). Netijeler 2024-nji ýylyň 20-nji maýyna çenli Guramaçylyk topary tarapyndan yglan ediler we bu barada Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň (etut.edu.tm) internet sahypasynda hem-de gatnaşyjylara jaň etmek ýa-da SMS arkaly habar berler.

II tapgyrda I tapgyryň ýeňijileri 2024-nji ýylyň 5-10-njy iýuny aralygynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde gurnaljak innowasion tehnologiýalaryň sergi-bäsleşigine öz işleri bilen gatnaşarlar. Bu sergi bäsleşigine ýurdumyzyň görnükli alymlarynyň we öňdebaryjy telekeçileriniň gatnaşmaklary göz öňünde tutulýar. Bu tapgyryň ýeňijileri 2024-nji ýylyň 12-nji iýunynda Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde geçirýän Halkara ylmy-amaly maslahatynyň çäklerinde gymmat bahaly sowgatlar we diplomlar bilen sylaglanarlar (1 sany Baş baýrak, 2 sany I ýer, 3 sany II ýer, 4 sany III ýer). Olara Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti tarapyndan okuwa girmekde, işe ýerleşmekde zerur bolan teklip haty (Recommendation letter) gowşurylar.

Soraglaryňyz ýüze çykan ýagdaýynda şu aşakdakylara ýüz tutup bilersiňiz:

Habarlaşmak üçin telefonlar:

+99365873093

+99365031996

+99364493354

Elektron poçta: oguztaslama2024@gmail.com

Web sahypasy: etut.edu.tm

Автор:
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti
Читайте также
ОТПРАВИТЬ НАМ НОВОСТИ
ОТПРАВИТЬ
2022