Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň “IT-Nurly şöhle” ylmy-okuw merkezi okuwa çagyrýar
Sanly ykdysadyýeti ösdürmekde we innowasion tehnologiýalary halk hojalyk toplumyna ornaşdyrmakda bilimli, häzirki zaman dünýä dillerini bilýän we IT ukyplaryna eýe bolan ýaş hünärmenlere uly isleg bildirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň “IT – Nurly Şöhle” ylmy-okuw merkezi ähli gyzyklanýan raýatlary häzirki zaman informasion tehnologiýalar boýunça ýöriteleşdirilen ýörite okuw kurslaryna çagyrýar.
Okuwyň ugurlary:
- Python we C++ programmirleme dilleri
- Web-dizaýn we web-programmirleme (HTML, CSS, JavaScript)
- Maglumatlar bazasy (SQL, PostgreSQL)
- Kompýuter ulgam gurluşy we administratorçylyk
- AutoCAD we MATLAB programmalary bilen işlemek
- Iňlis, rus, hytaý dilleri
- Matematika kurslary;
- 1C buhgalteriýa okuwlary
Okuw möhleti:
- Okuwlar 1 aýdan 3 aý aralygynda dowam edýär
- Okuwlar hepdelik meýilnama esasynda (hepdäniň ähli günleri gündizki we gijeki okuwlar) alnyp barylýar
Okuwlaryň geçirilýän ýeri:
TDEI-niň IT – Nurly Şöhle merkezi (Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty, Mary şäheri Baýramhan köçesi )
Kimler gatnaşyp biler?
- Ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplary
- Mekdep okuwçylary (1-nji synpdan başlap)
- Döwlet we hususy sektorda işleýän hünärmenler
- Kurslaryň ugurlary bilen gyzyklanýan islendik raýat
Okuwy gowy netijeler bilen tamamlanlara:
- TBM-niň tassyklamasy bilen sertifikat berilýär
- Iň gowy netije görkezenlere daşary ýurt dillerini kämilleşdirmekde we işe ýerleşmekde maslahat we goldaw
Hasaba alyş we goşmaça maglumat:
Telefon: +993 (71) 51-46-43
E-mail: itnurlyshohle@mail.ru
Geljegiň IT we dürli dilleri bilýän hünärmeni bolmak isleýän ýaşlar üçin bu ajaýyp mümkinçilik!
30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


