“Ahalteke atlary” şaýolunyň belli bir böleginde ulag gatnawlary wagtlaýyn çäklendirilýär
Arkadag şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek, raýatlara we ýolagçylara has amatly şertleri döretmek maksady bilen, ýollaryň durky täzelenip, döwrebaplaşdyrylýar.
Durky täzelenen Gökdepe şaýolunyň hem-de Arkadag şäheriniň Keýmir Kör şaýolunyň degişli bölekleriniň we olaryň birigýän ýerinde gurlan täze köp zolakly köpriniň 2025-nji ýylyň 30-njy iýulynda açylyp, ulanmaga berilýändigini mälim edýäris.
Şeýle hem 1-nji awgustdan başlap, «Ahalteke atlary» şaýolunyň «Atly ýigit» we «Polatly» binalarynyň aralygyndaky ýolda gurluşyk-gurnama işleri alnyp barylýandygy sebäpli, bu ýolda ulag gatnawlarynyň wagtlaýyn çäklendirilýändigini habar berýäris.
Raýatlaryň bähbidine gönükdirilen bejeriş-abatlaýyş işleriniň geçirilmegi hem-de ýollaryň durkunyň düýpli abadanlaşdyrylmagy ýolagçylar üçin ählitaraplaýyn amatlyklary üpjün eder.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti
Arkadag şäheriniň häkimligi
30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


