Aşgabat — Gökdepe aralygyndaky ýol bölegi 29-njy sentýabrda açylar
Arkadag şäheriniň binagärlik-şähergurluşyk keşbini has-da gözelleşdirmek, ýollaryň durkuny täzeläp, raýatlara we ýolagçylara amatly şertleri döretmek maksady bilen, olar yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Arkadag şäheriniň häkimligi şäheriň Akhan şaýolunyň köprüsiniň ýanyndaky Aşgabat — Gökdepe aralygyndaky durky täzelenen degişli ýol böleginiň 29-njy sentýabrda ulanmaga berilýändigini mälim edýär.
Şeýle-de şol gün Akhan şaýolundaky köprüden Garry Kulyýew köçesi aralygyndaky ýolda döwrebap gurluşyk-gurnama işleriniň geçirilýändigi sebäpli, bu ýolda gatnawlaryň çäklendiriler. Raýatlaryň bähbidine gönükdirilen bejeriş-abatlaýyş işleriniň geçirilmegi we ýollaryň durkunyň düýpli abadanlaşdyrylmagy ýolagçylar üçin ählitaraplaýyn amatlyklary üpjün eder.




30738-90x604.jpg)

30734-90x604.jpeg)


