Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynda gurulýan döwrebap ýaşaýyş jaýlary ipoteka almaga isleg bildirýän raýatlar üçin mümkinçilik

Türkmengala etrap häkimligi Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 24-nji maýyndaky “Mary welaýatynyň Wekilbazar, Sakarçäge we Türkmengala etraplarynda täze, döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny gurmak hakynda” №1237 belgili Kararyny ýerine ýetirmek we Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 8-nji iýulyndaky №178 belgili Karary bilen tassyklanan “Ýurdumyzy 2022–2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de raýatlaryň ýaşaýyş jaýlaryna bolan isleglerini kanagatlandyrmak, ilatyň ýaşaýyş şertlerini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmengala etrabynyň Täze dünýä geňeşliginiň Kyrkişik obasynyň çäginde düýbi tutulan, gurluşyk işleri alnyp barylýan täze döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň Baş meýilnamasynda göz öňünde tutulan hemme amatlyklary bolan 1 gatly, 1 öýli, 3 otagly we 1 gatly, 1 öýli, 4 otagly uzak möhletli bank karzlarynyň hasabyna gurulýan (ipoteka) ýaşaýyş jaýlaryny almaga isleg bildirýän welaýatyň ähli raýatlaryny çagyrýar.

Isleg bildirýän raýatlar Türkmengala etrap häkimligine ýüz tutup bilerler.

Читайте также
ОТПРАВИТЬ НАМ НОВОСТИ
ОТПРАВИТЬ
2022