г. Ашхабад, С. Туркменбаши шаёлы 7
ГТСБТ
TSTB Balkan welaýatynda täze desgalary gurmak üçin telekeçileri hyzmatdaşlyga çagyrýar
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi Türkmenistanyň Prezidentiniň döwlet maksatnamalaryna we Kararlaryna laýyklykda, birleşmäniň agzalaryna Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde, Bereket, Gyzylarbat hem-de Esenguly etraplarynda aşakda görkezilen desgalary gurmagy hödürleýär:
- Desganyň ady: Ösen senagat zolagynda önümçilik desgalary, ýerleşýän ýeri: Balkanabat şäheri
- Desganyň ady: Hususy gurluşyk kompaniýalarynyň önümçilik bazasy, ýerleşýän ýeri: Balkanabat şäheri
- Desganyň ady: Azyk önümlerini saklamak üçin sowadyjy ammar, ýerleşýän ýeri: Balkanabat şäheri, möçberi: 1 gektar
- Desganyň ady: Maldarçylyk fermasyny gurmak hem-de ot-iýmlik ekinleri ösdürip ýetişdirmek, ýerleşýän ýeri: Bereket etraby, möçberi: 103 gektar
- Desganyň ady: Suw tygşytlaýjy usullary ornaşdyryp, miweli baglary ösdürip ýetişdirmek, ýerleşýän ýeri: Bereket etraby, möçberi: 60 gektar
- Desganyň ady: Keramzit öndürýän kärhana, ýerleşýän ýeri: Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesi, möçberi: 1 sany
- Desganyň ady: Sement öndürýän zawod, ýerleşýän ýeri: Balkanabat şäheriniň Jebel şäherçesi, möçberi: 1 sany
- Desganyň ady: Ýod öndürýän zawod, ýerleşýän ýeri: Esenguly etrabynyň Ekerem şäherçesi, möçberi: 1 sany
- Desganyň ady: Toý mekany, ýerleşýän ýeri: Gyzylarbat etrabynyň Rowaç obasy we Bereket etrabynyň Galkynyş şäherçesi, möçberi: 2 sany hersi 300 orunlyk
- Desganyň ady: Azyk we senagat harytlary dükany, ýerleşýän ýeri: Gyzylarbat etrabynyň Rowaç obasy möçberi: 50 m2 we Gyzylarbat etrabynyň “Altyn asyr” Türkmen köli 1 sany
- Desganyň ady: Hyzmatlar öýi, ýerleşýän ýeri: Bereket etrabynyň Galkynyş şäherçesi, möçberi: 1000m2
- Desganyň ady: Söwda merkezi (bazarly), ýerleşýän ýeri: Bereket etrabynyň Galkynyş şäherçesi, möçberi: 1 sany
- Desganyň ady: Balykçylyk hojalygyny döretmek, ýerleşýän ýeri: Gyzylarbat etraby, “Altyn asyr” Türkmen köli, möçberi: 1 sany
- Desganyň ady: Artemiýa salina leňňeçleriniň guradylan ýumurtgasyny öndürýän kärhana, ýerleşýän ýeri: Türkmenbaşy etraby, möçberi: 5 gektar
- Desganyň ady: Ýylda 10 tonna et öndürýän maldarçylyk toplumy ýerleşýän ýeri: Etrek etrabynyň Etrek şäherçesi we Etrek etrabynyň Madaw geňeşligi
- Desganyň ady: Maldarçylyk toplumy (et, süýt öndürmek), ýerleşýän ýeri: Türkmenbaşy etraby, möçberi: 4 gektar
Habarlaşmak üçin: TSTB-niň Balkan welaýat bölümi, telefon belgileri:
+993 (222) 2-10-77
+993 (222) 2-20-77
+993 (222) 2-30-77
Faks:
+993 (222) 2-09-77
Автор:
TSTB-niň Balkan welaýat bölümi
Читайте также









