Lebap welaýatynda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi geçiriler

2026-njy ýylyň 5-nji we 19-njy martynda welaýat adalat bölüminiň we adalat edaralarynyň ulgamyna girýän beýleki gulluklaryň, prokuratura, kazyýet edaralarynyň jogapkär işgärleriniň hem-de adwokatlar kollegiýasynyň agzalarynyň gatnaşmaklarynda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişliginiň geçiriljekdigini habar berýäris.

Kabul edişlik Türkmenabat şäheriniň A.Nyýazow köçesiniň 8-nji jaýynda — welaýat adalat bölüminiň edara binasynda sagat 17:30-dan 19:00-a çenli aralykda geçiriler.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi:

+993 422 3-20-54

Читайте также
ОТПРАВИТЬ НАМ НОВОСТИ
ОТПРАВИТЬ
2022