Mary welaýatynda boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresi geçiriler
Mary welaýatynyň Mary etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2026-njy ýylyň 6-njy aprelinde Marynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky medeniýet köşgünde sagat 9.00-dan 12.00-a çenli Baýramaly etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2026-njy ýylyň 14-nji aprelinde Baýramaly etrabynyň medeniýet bölüminde sagat 10.00-dan 12.00-a çenli we Murgap etrabynyň zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölümi 2026-njy ýylyň 20-nji aprelinde Murgap etrabynyň medeniýet bölüminde sagat 10.00-dan 12.00-a çenli aralykda boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär.
Edara-kärhanalaryň, guramalaryň hem-de hususy telekeçileriň özlerindäki boş iş orunlary baradaky maglumatlary bilen bilelikde agzalan çärä wekilleriniň gatnaşmaklaryny üpjün etmeklerini;
işe ýerleşmek isleýän raýatlaryň şahsyýetini tassyklaýan resminamasy, eger bar bolsa zähmet depderçesi hem-de hünärini tassyklaýan resminamasy bilen agzalan çärä gatnaşmaklaryny haýyş edýäris.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri:
800522-7-43-57
800522-7-09-95
800564-6-26-76
800565-4-51-96








