Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäresi geçiriler
Ahal welaýatynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi müdirligi 13-nji maýda sagat 10:00-dan 13:00-a çenli Gökdepe etrabynyň Zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçiligi bölüminiň boş iş orunlarynyň ilata hödürleniş çäresini geçirýändigini habar berýär.
Çäre Gökdepe etrabynyň Gökdepe şäheriniň Magtymguly şaýolunyň 75-nji jaý salgysynda ýerleşýän edara binasynda geçirilýär. Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän edara-kärhanalary, guramalary, firmalary, kompaniýalary özlerinde eýelenmedik bar bolan boş iş orunlaryny hödürlemeklige hem-de işe girmek isleýän raýatlary geçiriljek çärä çagyrýarys.
Işe girmek isleýän raýatlar ýany bilen pasportyny we zähmet depderçesini alyp gelmeli.
Habarlaşmak üçin telefon belgisi:
(800132) 6-00-34
(800132) 6-00-48








