23.02.2023
24.03.2023

Balkan welaýat häkimligi çagalar medeni dynç alyş merkezini gurmak boýunça bäsleşik yglan edýär

Balkan welaýat häkimligi Magtymguly etrabynyň Magtymguly şäherinde çagalar medeni dynç alyş merkeziniň taslamasyny düzmek hem-de onuň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp, ulanmaga doly taýýar edip gurmak boýunça bäsleşik yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan edara-kärhanalar çagyrylýar.

Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:

  • gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak üçin ýazmaça arza bermek;
  • soňky 3 ýylyň dowamynda Türkmenistanda ýerine ýetirilen gurluşyk taslamalary barada maglumat;
  • edara-kärhananyň maddy-tehniki binýady barada maglumat
  • hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama.

Bäsleşik teklipleri aşakda görkezilen salgyda kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

(+993 222) 2-00-25

(+993 222) 2-00-55

Balkanabat şäheriniň Gurbansoltan eje şaýolunyň 14-nji ýaşaýyş jaý toplumynyň 14-nji jaýy.
Читайте также
ОТПРАВИТЬ НАМ НОВОСТИ
ОТПРАВИТЬ
2022