Туркменистан планирует начать производство пластиковых карт

БИЗНЕС ТУРКМЕНИСТАН
Туркменистан планирует начать производство пластиковых карт
Работы будут проводиться в соответствии с Концепцией развития цифровой экономики в Туркменистане в 2019–2025 годах.

Türkmenistan dürli maksatly plastik kartlaryň önümçiliklerini ýola goýmagy maksat edinýär. Bu barada degişli teklibi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň senagat we gurluşyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Çarymyrat Purçekow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna hödürledi.

Şeýle hem wise-premýer ýol hereketini sazlaýjy dürli görnüşli yşyklandyryjylaryň we LED ýol belgileriniň önümçiliklerini ýola goýmak baradaky meýilnamalary hödürledi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Degişli işler “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda ýerine ýetirilmegine garaşylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hödürlenen teklibi makullap, ýurdumyzda ýol hereketini sazlaýjy dürli görnüşli yşyklandyryjylaryň we LED ýol belgileriniň öndürilmeginiň wajypdygyny belledi we mundan beýläk-de isleg bildirilýän önümleriň önümçiligini ýola goýmagyň mümkinçiliklerini öwrenmegi tabşyrdy.

Mejlisiň dowamynda, wise-premýer Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda gün we ýel elektrik stansiýasyny gurmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Hasabata görä, Energetika ministrliginiň saýlap almak boýunça halkara bäsleşigiň jemine laýyklykda maýa goýum taslamasynyň amala aşyrylyşyna gözegçilik etmek hyzmatyny ýerine ýetirmek üçin maslahatçy kompaniýa saýlandy.

Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen resminamalar kabul edildi.

ОТПРАВИТЬ НАМ НОВОСТИ
ОТПРАВИТЬ
2022