Вакансии

“PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasy boş orunlaryny yglan edýär

График работы:

“PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasy ökde hünärli dalaşgärleri işe çagyrýar

Gyýanly obasynda işlemek üçin ýangyn toparynyň başlygy.

Bildirilýän talaplar:

Dalaşgärler özleri baradaky doly maglumatlary we aşakdaky bentlere degişli resminamalary bermelidirler:

  • Bilimi: ýangyn howpsuzlygy pudagy boýunça ýokary ýa-da deň derejeli bilimi bolmaly.
  • Iş tejribesi: ýangyn howpsuzlygy ýa-da adatdan daşary ýagdaýlarda çäre görmek boýunça azyndan 5 ýyl iş tejribesi bolmaly.
  • Nebit gaz ýa-da nebit himiýa senagatlarynda ýangyn toparynyň başlygy wezipesinde işlän iş tejribesi artykmaçlyk hasaplanylýar.
  • Dil ukyplary: iňlis, türkmen, rus dillerinde gowy gürläp we ýazyp bilmeli.
  • Endikleri we başarnyklary: degişli taraplar bilen özara gatnaşyklary, adatdan daşary ýagdaýlarda çäre görmek işlerini dolandyrmakda tejribesi bolmaly. «MS Office» programmasynda işlemegi başarmaly.

Tehnik (barlaghana üçin).

Bildirilýän talaplar:

Dalaşgärler özleri baradaky doly maglumatlary we aşakdaky bentlere degişli resminamalary bermelidirler:

  • Bilimi: islendik degişli hünärment ýa-da tehnika orta okuw mekdebiniň diplomy bolmaly.
  • Iş tejribesi: 1 ýyldan 3 ýyla çenli nebit gaz pudagynyň barlaghanasynda işlän iş tejribesi bolmaly.
  • Dil ukyplary: iňlis, türkmen, rus dillerinde erkin gürläp we ýazyp bilmeli.
  • Endikleri we başarnyklary: degişli ugur boýunça hünär taýýarlygy bolmaly hem-de «MS Office» programmasynda işlemegi başarmaly.

Sowalnamalary «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji­jaýynda ýerleşýän («B» blok) edara binasyndan alyp bilersiňiz.

Doldurylan sowalnamalar şu habaryň çap edilen gününden başlap, 1­hepdeden gijä galman dalaşgäriň doly ady,familiýasy görkezilip tabşyrylmalydyr ýa-da recruitment.tm@petronas.com.my electron salgysy boýunça ugradylyp bilner.

Diňe talaplara laýyk gelýän dalaşgärler söhbetdeşlige çagyrylar.

Контакт
Работодатель:
“PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasy
Почта:
recruitment.tm@petronas.com.my
Регион:
Балкан
2022