Вакансии

“PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasy boş iş orunlaryny yglan edýär

График работы:

“PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasy ökde hünärli dalaşgärleri işe çagyrýar

Aşgabat şäherinde işlemek üçin bölüm kömekçisi (işgärler bölümi), wagtlaýyn esasda

Bildirilýän talaplar:

Dalaşgärler özleri barada doly maglumatlary we aşakdaky bentlere degişli resminamalary bermelidir:

  • Bilimi: orta bilim hakynda şahadatnama ýada deň derejeli bilim hakynda resminama.
  • Iş tejribesi: azyndan 3 ýyla çenli işgärler bölüminde ýa-da degişli pudakda iş tejribesi bolmaly.
  • Dil ukyplary: iňlis dilinde erkin gürläp we ýazyp bilmeli.
  • Endikleri we başarnyklary: “MS Office” (“MS Word”, “MS Excel”) programmalaryny bilmeli.

Aşgabat şäherinde işlemek üçin bölüm kömekçisi (kreditorlyk we debitorlyk bergisi), wagtlaýyn esasda

Bildirilýän talaplar:

Dalaşgärler özleri barada doly maglumatlary we aşakdaky bentlere degişli resminamalary bermelidir:

  • Bilimi: buhgalterçilik hasabaty we maliýe pudagynda şahadatnamasy ýa-da deň derejeli resminamasy bolmaly.
  • Iş tejribesi: azyndan 3 ýyla çenli degişli pudakda iş tejribesi bolmaly.
  • Dil ukyplary: iňlis dilinde erkin gürläp we ýazyp bilmeli.
  • Endikleri we başarnyklary: “SAP” we “MS Office” programmalaryny bilmeli.

Gyýanly obasynda işlemek üçin hünärmen (enjamlaryň ygtybarlylygy boýunça)

Bildirilýän talaplar:

Dalaşgärler özleri barada doly maglumatlary we aşakdaky bentlere degişli resminamalary bermelidir:

  • Bilimi: inženerçilik boýunça ýokary bilimi bolmaly.
  • Iş tejribesi: nebitgaz pudagynda azyndan 5 ýyla çenli iş tejribesi bolmaly. Esasy sebäbiniň seljermesi, enjama gözegçilik etmek maksatnamasy, enjamyň ygtybarlylygynyň üpjün etmek strategiýasy we enjamyň ygtybarlylygynyň we öndürijiliginiň barlagy boýunça bilimleri bolmaly.
  • Dil ukyplary: iňlis dilinde erkin gürläp we ýazyp bilmeli.
  • Endikleri we başarnyklary: “MS Office” programmalaryny bilmeli.

Sowalnamalary ” PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasynyň Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýynda ýerleşýän edara­binasyndan alyp bilersiňiz.

Doldurylan sowalnamalar şu habaryň çap edilen gününden başlap, 2 hepdeden gijä galman, “PÇ(T)SB” kompaniýasyna dalaşgäriň doly ady, familiýasy görkezilip tabşyrylmalydyr ýa-da recruitment.tm@petronas.com.my elektron salgysy boýunça ugradylyp bilner.

Diňe talaplara laýyk gelýän dalaşgärler söhbetdeşlige çagyrylar.

Контакт
Работодатель:
“PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasy
2022