Вакансии

“PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasy Bölüm kömekçisi wezipesine hünärmen gözleýär

“PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasy ökde hünärli dalaşgärleri işe çagyrýar:

Gyýanly obasynda işlemek üçin Bölüm kömekçisi (Materiallar boýunça utgaşdyryjy)

Bildirilyän talaplar:

  • Dalaşgärler özleri barada doly maglumatlary we aşakdaky bentlere degişli resminamalary bermelidirler:
  • Bilimi: ýörite orta tehniki bilimi bardygy hakynda diplom ýa-da deň derejesi bolmaly.
  • Iş tejribesi: buraw işlerini we guýulary tamamlamak işlerini ýerüsti we/ýa-da deňizdäki desgalarda material-tehniki üpjünçilik boýunça nebit-gaz pudagynda 8 ýyl iş tejribesi bolmaly.
  • Dil ukyplary: iňlis, türkmen we rus dillerinde erkin gürläp we ýazyp bilmeli.
  • Endikleri we başarnyklary: «MS Office» programmalarynda işläp bilmeli.

Sowalnamalary “PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasynyň Aşgabat şäheriniň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýynda ýerleşýän (“B” blok) edara binasyndan alyp bilersiňiz. Doldurylan sowalnamalar şu habaryň çap edilen gününden başlap, 11 sentýabr 2026 ýyl senesinden gijä galman ”PÇ(T)SB” kompaniýasyna dalaşgäriň doly ady, familiýasy görkezilip tabşyrylmalydyr ýa-da recruitment.tm@petronas.com.my еlektron salgysy boýunça ugradylyp bilner.

Diňe talaplara laýyk gelýän dalaşgärler söhbetdeşlige çagyrylar.

Контакт
Работодатель:
“PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasy
Почта:
recruitment.tm@petronas.com.my
Регион:
Балкан
2022