ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy “Ýaş ýolbaşçylar” (FLEX) okuw maksatnamasy üçin 2026-2027-nji okuw ýylyna bäsleşik yglan edýär
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçihanasy ABŞ-nyň Hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän “Ýaş ýolbaşçylar” (FLEX) okuw maksatnamasynyň çäklerinde 2026-2027-nji okuw ýyly üçin bäsleşik yglan edýär.
Bäsleşik üç tapgyrda geçiriler. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky ilçihanasy ony 2026-njy ýylyň 4-nji ýanwary — 12-nji fewraly aralygynda degişli tapgyrlarda ýurdumyzyň welaýatlaryndaky we paýtagtymyz Aşgabatdaky umumybilim berýän orta mekdeplerde guramagy meýilleşdirýär. Hususan-da, bäsleşik 4-nji ýanwarda Mary şäherindäki 19-njy orta mekdepde, 6-njy ýanwarda Daşoguz şäherindäki 4-nji orta mekdepde, 8-nji ýanwarda Türkmenabat şäherindäki 2-nji orta mekdepde, 10-njy ýanwarda Balkanabat şäherindäki 3-nji orta mekdepde, 11-12-nji ýanwarda Aşgabat şäherindäki 20-nji orta mekdepde geçiriler.
Bäsleşigiň netijesinde agzalan okuw maksatnamasyna gatnaşmak üçin 10 sany mekdep okuwçysynyň saýlanyp alynmagy göz öňünde tutulýar.
Giňişleýin maglumaty americancouncilstm.org saýtynda okap bilersiňiz.









