Türkmenistanda Germaniýa bilen işewürlik hyzmatdaşlygy maksatnamasy boýunça zenan dalaşgärler üçin söhbetdeşlik yglan edildi

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Ykdysadyýet we daşky gurşawy goramak federal ministrligi bilen bilelikde “Partnering in Business with Germany” (Germaniýa bilen işewürlik hyzmatdaşlygy) maksatnamasynyň 2026-njy ýyldaky tapgyrynyň çäklerinde “Umumy ykdysady hyzmatdaşlyk” Merkezi Aziýanyň zenanlary toparyna gatnaşjak döwlete dahylsyz taraplaryň arasyndan dalaşgär seçip almak üçin söhbetdeşlik yglan edýär

Söhbetdeşliklere gatnaşmaga isleg bildirýänler 24-nji marta çenli zerur resminamalary Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine tabşyrmaly.

Türkmen hem-de german telekeçileriniň arasynda oba hojalygy we azyk senagaty ulgamynda ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen taslamalary taýýarlan dalaşgärlere wideoaragatnaşyk arkaly geçiriljek okuwlara gatnaşmak we 2026-njy ýylyň dowamynda Germaniýa Federatiw Respublikasynda 3 hepde tejribelik geçmek mümkinçiligi döredilýär.

Dalaşgärler iň­lis ýa-da rus dilleriniň haýsy hem bolsa birini ýeterlik derejede bilmelidirler.

Dalaşgärlere bildirilýän esasy talaplar:

  • ýokary bilimli bolmaly;
  • telekeçi ýuridik şahslaryň ýolbaşçysy, düzüm birliginiň ýolbaşçysy ýa-da hususy telekeçi bolmaly (Aşgabat we Arkadag şäherleri hem-de welaýatlar);
  • dalaşgäriň azyndan 5 ýyl, şol sanda ýolbaşçylyk wezipesinde azyndan 2 ýyl iş tejribesi bolmaly.

Goşmaça maglumatlary we doldurylmaly zerur resminamalaryň sanawyny www.fineconomic.gov.tm saýtynda görmek bolar.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

(99312) 39-43-51, 39-44-19

Read also
2022