Türkmenistanyň hususy pudagynyň dolandyryş işgärleri hünärlerini ýokarlandyrmak boýunça Germaniýa okuwa çagyrylýar

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Germaniýanyň Ykdysadyýet we howany goramak federal ministrligi bilen bilelikde, “Germaniýa bilen işewür hyzmatdaşlygy” maksatnamasynyň 2024-nji­ýyldaky tapgyrynyň çäklerinde “Akylly” oba hojalygy we azyk senagaty”, “Ýaşyl” ykdysadyýet”, “Saglygy goraýyş ulgamynda ykdysady hyzmatdaşlyk” halkara toparlaryna gatnaşjak, döwlete dahylsyz taraplaryň arasyndan dalaşgär seçip­almak üçin söhbetdeşlik yglan edýär

Söhbetdeşlige gatnaşmaga isleg bildirýänler 2024-nji ýylyň 26-njy martyna çenli zerur resminamalary Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine tabşyrmaly.

Türkmen hem-de german telekeçileriniň arasyndan iki taraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen taslamalary taýýarlan dalaşgärlere wideo aragatnaşyk arkaly geçiriljek okuwlara gatnaşmak we 2024-nji ýylyň dowamynda Germaniýa Federatiw Respublikasynda 2 hepdelik tejribe geçmek mümkinçiligi döredilýär.

Söhbetdeşlikde «ýaşyl» ykdysadyýeti», «akylly» oba hojalygy we azyk senagatyny» hem-de saglygy goraýyş ulgamynda ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen iki taraplaýyn bähbitli taslamalara ähmiýet berler.

Dalaşgärler iňlis ýa-da rus dilleriniň haýsy hem bolsa birini ýeterlik derejede bilmelidirler.

Dalaşgärlere bildirilýän esasy talaplar:

Ýokary bilimli bolmaly.
Telekeçi ýuridik şahslaryň ýolbaşçysy, düzüm birliginiň ýolbaşçysy ýa-da hususy telekeçi bolmaly (Aşgabat şäheri we welaýatlar).
Dalaşgäriň azyndan 2 (iki) ýyl iş tejribesi bolmaly.

Goşmaça maglumatlary we doldurylmaly zerur resminamalaryň sanawyny www.fineconomic.gov.tm saýtynda görmek bolar.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

(+99312) 39-43-55

(+99312) 39-45-72

Автор:
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi
Читайте также
ОТПРАВИТЬ НАМ НОВОСТИ
ОТПРАВИТЬ
2022