Lebap welaýatynda käbir ilatly ýerleriň telefon ugur kodlary üýtgedilýär

2025-nji ýylyň 28-nji noýabryndan Lebap welaýatynyň çäginde dolandyryş çäkleri üýtgedilen ilatly ýerleriň aragatnaşyk hyzmatlarynyň ugur kodlary üýtgedilýär. Bu barada “Türkmen gündogary” gazeti habar berýär.

Türkmenistanyň Mejlisiniň 2025-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda kabul eden “Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň meseleleri hakyndaky” Karary esasynda Lebap welaýatynyň çäginde dolandyryş çäkleri üýtgedilen ilatly ýerleriň aragatnaşyk hyzmatlarynyň ugur kodlary 2025-nji ýylyň 28-nji noýabryndan aşakda görkezilýän tertipde üýtgedilýär:

  1. Döwletli etrabyna +993 434 kody;
  2. Garabekewül etrabyna +993 443 kody;
  3. Farap etrabyna +993 448 kody.

Читайте также
ОТПРАВИТЬ НАМ НОВОСТИ
ОТПРАВИТЬ
2022