Chandybil Avenue 129, Ashgabat, Turkmenistan
SCRMET
Lebap welaýatynda käbir ilatly ýerleriň telefon ugur kodlary üýtgedilýär
2025-nji ýylyň 28-nji noýabryndan Lebap welaýatynyň çäginde dolandyryş çäkleri üýtgedilen ilatly ýerleriň aragatnaşyk hyzmatlarynyň ugur kodlary üýtgedilýär. Bu barada “Türkmen gündogary” gazeti habar berýär.
Türkmenistanyň Mejlisiniň 2025-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda kabul eden “Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň meseleleri hakyndaky” Karary esasynda Lebap welaýatynyň çäginde dolandyryş çäkleri üýtgedilen ilatly ýerleriň aragatnaşyk hyzmatlarynyň ugur kodlary 2025-nji ýylyň 28-nji noýabryndan aşakda görkezilýän tertipde üýtgedilýär:
- Döwletli etrabyna +993 434 kody;
- Garabekewül etrabyna +993 443 kody;
- Farap etrabyna +993 448 kody.
Read also



30635-90x604.jpg)





