Вакансии

“Petronas Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasy boş iş orunlaryny yglan edýär

График работы:

“Petronas Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasy aşakdaky hünär boýunça ökde hünärli dalaşgärleri işe çagyrýar:

Gyýanly obasynda işlemek üçin tehnik (barlaghana üçin).

Bildirilýän talaplar:

Ähli dalaşgärler özleri baradaky doly maglumatlary we aşakdaky bentlere degişli resminamalary bermelidirler:

  • Bilimi: islendik degişli hünärment ýada tehniki orta okuw mekdebiniň diplomy bolmaly.
  • Iş tejribesi: 1 ýyldan 3 ýyla çenli nebit-gaz pudagynyň barlaghanasynda işlän iş tejribesi bolmaly.
  • Dil ukyplary: iňlis, türkmen we rus dillerinde erkin gürläp we ýazyp bilmeli.
  • Endikleri we başarnyklary: degişli ugur boýunça hünär taýýarlygy bolmaly hem-de “MS Office” programmasynda işlemegi başarmaly.

Gyýanly obasynda işlemek üçin hünärmen (nebitgaz desgalarynda inženerçilik desgalarynyň proýektirlenmesi we gurluşygy boýunça).

Bildirilýän talaplar:

Ähli dalaşgärler özleri baradaky doly maglumatlary we aşakdaky bentlere degişli resminamalary bermelidirler:

  • Bilimi: nebit-gaz desgalarynda inženerçilik desgalarynyň proýektirlenmesi we gurluşygy boýunça ýokary bilimi bolmaly.
  • Iş tejribesi: nebit-gaz pudagynda 7 ýyl iş tejribesi bolmaly.
  • Dil ukyplary: iňlis dilinde erkin gürläp we ýazyp bilmeli.
  • Endikleri we başarnyklary: “MS Office” (“MS Word”, “MS Excel”) programmalary bilen işlemegi başarmaly.

Sowalnamalary https://shorturl.at/epCP2 salgysyndan ýa-da “PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasynyň Aşgabat şäheriniň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýynda ýerleşýän edara binasyndan alyp bilersiňiz.

Doldurylan sowalnamalar şu habaryň çap edilen gününden başlap, 2 hepdeden gijä­galman “PÇ(T)SB:” kompaniýasyna dalaşgäriň doly ady, familiýasy we wezipesi görkezilip tabşyrylmalydyr ýa-da recruitment.tm@petronas.com.my еlektron salgysy boýunça ugradylyp bilner.

Diňe şu wezipä bildirilýän talaplara laýyk gelýän ökde dalaşgärler söhbetdeşlige çagyrylar.

Контакт
Работодатель:
“Petronas Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasy
Регион:
Балкан
2022