Vacancy
“Petronas Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasy boş iş orunlaryny yglan edýär
“Petronas Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasy aşakdaky hünär boýunça ökde hünärli dalaşgärleri işe çagyrýar:
Gyýanly obasynda işlemek üçin tehnik (barlaghana üçin).
Bildirilýän talaplar:
Ähli dalaşgärler özleri baradaky doly maglumatlary we aşakdaky bentlere degişli resminamalary bermelidirler:
- Bilimi: islendik degişli hünärment ýada tehniki orta okuw mekdebiniň diplomy bolmaly.
- Iş tejribesi: 1 ýyldan 3 ýyla çenli nebit-gaz pudagynyň barlaghanasynda işlän iş tejribesi bolmaly.
- Dil ukyplary: iňlis, türkmen we rus dillerinde erkin gürläp we ýazyp bilmeli.
- Endikleri we başarnyklary: degişli ugur boýunça hünär taýýarlygy bolmaly hem-de “MS Office” programmasynda işlemegi başarmaly.
Gyýanly obasynda işlemek üçin hünärmen (nebitgaz desgalarynda inženerçilik desgalarynyň proýektirlenmesi we gurluşygy boýunça).
Bildirilýän talaplar:
Ähli dalaşgärler özleri baradaky doly maglumatlary we aşakdaky bentlere degişli resminamalary bermelidirler:
- Bilimi: nebit-gaz desgalarynda inženerçilik desgalarynyň proýektirlenmesi we gurluşygy boýunça ýokary bilimi bolmaly.
- Iş tejribesi: nebit-gaz pudagynda 7 ýyl iş tejribesi bolmaly.
- Dil ukyplary: iňlis dilinde erkin gürläp we ýazyp bilmeli.
- Endikleri we başarnyklary: “MS Office” (“MS Word”, “MS Excel”) programmalary bilen işlemegi başarmaly.
Sowalnamalary https://shorturl.at/epCP2 salgysyndan ýa-da “PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasynyň Aşgabat şäheriniň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýynda ýerleşýän edara binasyndan alyp bilersiňiz.
Doldurylan sowalnamalar şu habaryň çap edilen gününden başlap, 2 hepdeden gijägalman “PÇ(T)SB:” kompaniýasyna dalaşgäriň doly ady, familiýasy we wezipesi görkezilip tabşyrylmalydyr ýa-da recruitment.tm@petronas.com.my еlektron salgysy boýunça ugradylyp bilner.
Diňe şu wezipä bildirilýän talaplara laýyk gelýän ökde dalaşgärler söhbetdeşlige çagyrylar.