Вакансии
"PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd" kompaniýasy gurluşyk işleri boýunça gözegçini işe çagyrýar
«PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy ökde hünärli dalaşgärleri işe çagyrýar:
Türkmenbaşy etrabynyň Gyýanly obasynda işlemek üçin hünärmen (Gurluşyk işleri boýunça gözegçi)
Bildirilyän talaplar:
Dalaşgärler özleri barada doly maglumatlary we aşakdaky bentlere degişli resminamalary bermelidirler:
- Bilimi: Gurluşyk işleri / taslamalary düzmek / mehanika / elektrotehnika pudagynda ýokary bilimi bolmaly.
- Iş tejribesi: Ýokary okuw jaýynyň täze uçurymy. Nebit-gaz senagatynyň degişli pudagynda alnan iş tejribesi goşmaça artykmaçlyk bolup durýar.
- Dil ukyplary: Iňlis, türkmen, rus dillerinde erkin gürläp we ýazyp bilmeli.
- Endikleri we başarnyklary: «SAP» we «MS Office» programmalarynda işläp bilmeli.
Sowalnamalary “PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasynyň Aşgabat şäheriniň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýynda ýerleşýän («B» blok) edara binasyndan alyp bilersiňiz.
Doldurylan sowalnamalar şu habaryň çap edilen gününden başlap, 2 hepdeden gijä galman ”PÇ(T)SB” kompaniýasyna dalaşgäriň doly ady, familiýasy görkezilip tabşyrylmalydyr ýa-da recruitment.tm@petronas.com.my еlektron salgysy boýunça ugradylyp bilner.
Diňe Kompaniýa tarapyndan wezipä bildirilýän talaplara laýyk gelýän dalaşgärler saýlanylyp alynar we şöhbetdeşlige çagyrylar.