ГТСБТ
Вакансии
“Türkmenistan” awiakompaniýasy awiasiýa tehniki hünärmenlerini işe kabul edýär
“Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 2015-2025-njy ýyllar aralygynda “Uçuş enjamlarynyň we hereketlendirijileriniň tehniki ulanylyşy” hem-de “Howa gämileriniň awiasion we radioelektron enjamlaryny tehniki taýdan ulanmak” hünärleri boýunça ýokary okuw we orta-hünär okuw jaýlaryny üstünlikli tamamlan hünärmenlerini öz kärleri boýunça işlemek üçin işe çagyrýar.
Talaplar:
- Aşgabat şäherinde ýazgyda durmagy (Ahal welaýatynyň Akbugdaý, Gökdepe etraplaryna rugsat berilýär);
- Erkekler üçin harby şahadatnamasynyň bolmagy;
- “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugynyň Aşgabat halkara howa menziliniň Lukmançylyk merkezi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasynyň bolmagy;
- Daşary ýurt döwletleriniň ýokary ýa-da orta-hünär okuw mekdeplerini tamamlan şahslaryň ýokary bilim baradaky resminamalarynyň Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan bellenilen tertipde ykrar edilendigi hakyndaky şahadatnamasynyň bolmagy.
Ähli soraglar boýunça habarlaşmak üçin telefon belgileri:
+99312-23-47-88
+99365-72-58-43
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Annaýew köçesi, “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti
Читайте также