Iş orunlary

“Türkmenistan” awiakompaniýasy awiasiýa tehniki hünärmenlerini işe kabul edýär

“Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti 2015-2025-njy ýyllar aralygynda “Uçuş enjamlarynyň we hereketlendirijileriniň tehniki ulanylyşy” hem-de “Howa gämileriniň awiasion we radioelektron enjamlaryny tehniki taýdan ulanmak” hünärleri boýunça ýokary okuw we orta-hünär okuw jaýlaryny üstünlikli tamamlan hünärmenlerini öz kärleri boýunça işlemek üçin işe çagyrýar.

Talaplar:

  • Aşgabat şäherinde ýazgyda durmagy (Ahal welaýatynyň Akbugdaý, Gökdepe etraplaryna rugsat berilýär);
  • Erkekler üçin harby şahadatnamasynyň bolmagy;
  • “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugynyň Aşgabat halkara howa menziliniň Lukmançylyk merkezi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasynyň bolmagy;
  • Daşary ýurt döwletleriniň ýokary ýa-da orta-hünär okuw mekdeplerini tamamlan şahslaryň ýokary bilim baradaky resminamalarynyň Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan bellenilen tertipde ykrar edilendigi hakyndaky şahadatnamasynyň bolmagy.

Ähli soraglar boýunça habarlaşmak üçin telefon belgileri:

+99312-23-47-88

+99365-72-58-43

Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Annaýew köçesi, “Türkmenistan” awiakompaniýasy” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti

Habarlaşmak üçin
Iş beriji:
“Türkmenistan” awiakompaniýasy
Ýeri:
Aşgabat
2022