Вакансии

"Tudana” kompaniýasy açyk iş orunlaryny yglan edýär

“Tudana” kompaniýasy aşakdaky wezipeler boýunça işgärleri işe çagyrýar:

1. Tehnik – ýyladyşhanada işlemek üçin

Iş talaplary we şertleri:

  • Ýyladyşhanalarda tehnik işlerini ýerine ýetirmek;
  • Iş tejribesi hökmany däl, işe kabul edilen işgärlere iş öwredilýär;
  • Aýlyk zähmet haky: ortaça 2500–3000 manat;
  • Iş tertibi: 26 iş güni, 4 dynç güni;
  • Iş wagty: 08:00–18:00;
  • Dynç günlerinde hem goşmaça işlenilen ýagdaýynda 200 manat töleg tölenýär;
  • Nahar we ulag (serwis) bilen üpjün edilýär:
  • Iş ýeri: Promzona, Änew.

2. Deliwer – Canter sürüjisi (3 orun)

Talaplar:

  • Ýaşy: 20–35 ýaş;
  • Änew, Aşgabat ýa-da Gökdepe şäherlerinde propiskasy bolmaly;
  • C kategoriýaly sürüjilik şahadatnamasy hökmany;
  • Canter ulagyny sürmek boýunça tejribesi bolmaly;
  • Şäher içindäki ýollary gowy bilmeli;
  • Hasabat resminamalaryna we hasaba düşünmeli;
  • Ulagy aýawly we arassa saklamaly.

Wezipeleri:

  • Harytlary müşderilere öz wagtynda we talabalaýyk ýagdaýda eltip bermek;
  • Müşderilerden alnan tölegleri kassa dogry tabşyrmak;

Zähmet haky: 3100 manat. Bir aýlyk synag möhletinden soň goşmaça göterim tölegi göz öňünde tutulýar.

Iş wagty: 07:00-dan işiň tamamlanýan wagtyna çenli.

Iş ýeri: Aşgabat

3. Deliwer – Canter sürüjisi (Lebap welaýaty)

Talaplar:

  • Ýaşy: 20–35 ýaş;
  • C kategoriýaly sürüjilik şahadatnamasy hökmany;
  • Canter ulagyny sürmek boýunça tejribesi bolmaly;
  • Şäher içindäki ýollary gowy bilmeli;
  • Hasabat resminamalaryna we hasaba düşünmeli;
  • Ulagy aýawly we arassa saklamak;

Wezipeleri:

  • Harytlary müşderilere öz wagtynda we talabalaýyk ýagdaýda eltip bermek;
  • Müşderilerden alnan tölegleri kassa dogry tabşyrmak.

Zähmet haky: 3100 manat + nahar üçin 600 manat. Bir aýlyk synag möhletinden soň goşmaça göterim tölegi göz öňünde tutulýar.

Iş wagty: 07:00-dan işiň tamamlanýan wagtyna çenli.

Iş ýeri: Lebap welaýaty, Çärjew.

4. Transport hereketleri boýunça hünärmen

Wezipeleri:

  • Daşary ýurtlardan getirilýän ýükleriň bellenilen tertipde we öz wagtynda getirilmegini üpjün etmek;
  • Ýükleriň resminamalarynyň dogrulygyny barlamak;
  • Gümrükleme işlerine gözegçilik etmek.

Talaplar:

  • Ýaşy: 25–30 ýaş;
  • Iňlis dilini bilmeli;
  • Şahsy awtoulagy bolmaly;
  • Excel we Word programmalarynda işlemeli;
  • Degişli iş tejribesi bolmaly.

Zähmet haky: 5000 + 1000 manat (awtoulag üçin).

Iş wagty: 10:00–19:00.

Iş ýeri: Aşgabat şäheri

5. Suwaryş boýunça tehnik

Wezipeleri:

  • Ýer önümçiliginde alnyp barylýan işlere gatnaşmak;
  • Suw bilen üpjünçiligi we ýerleriň suwarylmagyny guramak;
  • Dökünleri garmak;
  • Nasoslaryň we beýleki enjamlaryň abat ýagdaýda saklanmagyna gözegçilik etmek;
  • Iş ýeriniň arassaçylygyny üpjün etmek;
  • Çägäniň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça işleri ýerine ýetirmek.

Talaplar:

  • Ýaşy: 22–40 ýaş;
  • Tejribesi bolan dalaşgärlere artykmaçlyk berilýär.

Zähmet haky: 3000 manat.

Iş wagty: 08:00–18:00.

Iş ýeri: Promzona.

Şertler: Ýatak jaýy we günde üç wagt nahar bilen üpjün edilýär.

6. Agronom

Wezipeleri:

  • Täze açyljak ýyladyşhanalarda we merkezi agronomçylyk bölüminde degişli işleri öwrenmek we ýerine ýetirmek;
  • Işgäriň ukybyna we başarnyklaryna görä degişli wezipäni kesgitlemek.

Talaplar:

  • Ýaşy: 22–30 ýaş;
  • Erkek dalaşgärler.

Zähmet haky: başlangyç 4000 manat, soňra iş netijelerine görä gaýtadan seredilýär.

Iş wagty: 09:00–18:00.

Iş ýeri: Änew, Promzona.

7. Ýyladyşhana boýunça hasapçy

Wezipeleri:

  • Ýyladyşhananyň çäginde alnyp barylýan maliýe amallarynyň hasabyny ýöretmek;
  • Çykdajylary hasaba almak;
  • Dermanlaryň we dökünleriň ulanylyşyny hasaba almak;
  • Aluw-satuw amallarynyň hasabyny ýöretmek;
  • Aýlyk ýyladyşhana sargytlaryny jemlemek;
  • Hasabatlary we inwentar sanawlaryny taýýarlamak;
  • Word we Excel programmalarynda işlemek.

Talaplar:

  • Ýaşy: 22–35 ýaş;
  • Zenan dalaşgärler;
  • Kompýuter programmalaryny bilmeli;
  • Iş tejribesi bolan dalaşgärlere artykmaçlyk berilýär.
  • Word we Excel programmalarynda iş ukyby.

Zähmet haky: başlangyç 3000 manat, soňra iş tejribesine we netijelerine görä gaýtadan seredilýär.

Iş wagty: 09:00–18:00.

Iş ýeri: Änew.

8. Ammar müdiri

Wezipeleri:

  • Ammara gelýän we çykarylýan harytlary we materiallary kabul etmek, sanamak we hasaba almak;
  • Harytlaryň giriş-çykyş hereketine gözegçilik etmek;
  • Ammardaky işgärleriň işine gözegçilik etmek.

Talaplar:

  • Ýaşy: 25–40 ýaş;
  • Erkek dalaşgärler;
  • Gurluşyk materiallaryny tanamaly;
  • Degişli iş tejribesi bolmaly;
  • Iş ýerinde galyp işlemek mümkinçiligine taýýar bolmaly.

Zähmet haky: 5000 manat.

Iş wagty: 08:00–18:00.

Iş ýeri: Promzona.

Şertler: Ýatak jaýy we günde üç wagt nahar bilen üpjün edilýär.

Habarlaşmak üçin: 863-32-64-99 / 862-29-66-59

Контакт
Работодатель:
Tudana” kompaniýasy
Телефон:
+99363326499
Регион:
Ахал
2022