Vacancy
"Tudana” kompaniýasy açyk iş orunlaryny yglan edýär
“Tudana” kompaniýasy aşakdaky wezipeler boýunça işgärleri işe çagyrýar:
1. Tehnik – ýyladyşhanada işlemek üçin
Iş talaplary we şertleri:
- Ýyladyşhanalarda tehnik işlerini ýerine ýetirmek;
- Iş tejribesi hökmany däl, işe kabul edilen işgärlere iş öwredilýär;
- Aýlyk zähmet haky: ortaça 2500–3000 manat;
- Iş tertibi: 26 iş güni, 4 dynç güni;
- Iş wagty: 08:00–18:00;
- Dynç günlerinde hem goşmaça işlenilen ýagdaýynda 200 manat töleg tölenýär;
- Nahar we ulag (serwis) bilen üpjün edilýär:
- Iş ýeri: Promzona, Änew.
2. Deliwer – Canter sürüjisi (3 orun)
Talaplar:
- Ýaşy: 20–35 ýaş;
- Änew, Aşgabat ýa-da Gökdepe şäherlerinde propiskasy bolmaly;
- C kategoriýaly sürüjilik şahadatnamasy hökmany;
- Canter ulagyny sürmek boýunça tejribesi bolmaly;
- Şäher içindäki ýollary gowy bilmeli;
- Hasabat resminamalaryna we hasaba düşünmeli;
- Ulagy aýawly we arassa saklamaly.
Wezipeleri:
- Harytlary müşderilere öz wagtynda we talabalaýyk ýagdaýda eltip bermek;
- Müşderilerden alnan tölegleri kassa dogry tabşyrmak;
Zähmet haky: 3100 manat. Bir aýlyk synag möhletinden soň goşmaça göterim tölegi göz öňünde tutulýar.
Iş wagty: 07:00-dan işiň tamamlanýan wagtyna çenli.
Iş ýeri: Aşgabat
3. Deliwer – Canter sürüjisi (Lebap welaýaty)
Talaplar:
- Ýaşy: 20–35 ýaş;
- C kategoriýaly sürüjilik şahadatnamasy hökmany;
- Canter ulagyny sürmek boýunça tejribesi bolmaly;
- Şäher içindäki ýollary gowy bilmeli;
- Hasabat resminamalaryna we hasaba düşünmeli;
- Ulagy aýawly we arassa saklamak;
Wezipeleri:
- Harytlary müşderilere öz wagtynda we talabalaýyk ýagdaýda eltip bermek;
- Müşderilerden alnan tölegleri kassa dogry tabşyrmak.
Zähmet haky: 3100 manat + nahar üçin 600 manat. Bir aýlyk synag möhletinden soň goşmaça göterim tölegi göz öňünde tutulýar.
Iş wagty: 07:00-dan işiň tamamlanýan wagtyna çenli.
Iş ýeri: Lebap welaýaty, Çärjew.
4. Transport hereketleri boýunça hünärmen
Wezipeleri:
- Daşary ýurtlardan getirilýän ýükleriň bellenilen tertipde we öz wagtynda getirilmegini üpjün etmek;
- Ýükleriň resminamalarynyň dogrulygyny barlamak;
- Gümrükleme işlerine gözegçilik etmek.
Talaplar:
- Ýaşy: 25–30 ýaş;
- Iňlis dilini bilmeli;
- Şahsy awtoulagy bolmaly;
- Excel we Word programmalarynda işlemeli;
- Degişli iş tejribesi bolmaly.
Zähmet haky: 5000 + 1000 manat (awtoulag üçin).
Iş wagty: 10:00–19:00.
Iş ýeri: Aşgabat şäheri
5. Suwaryş boýunça tehnik
Wezipeleri:
- Ýer önümçiliginde alnyp barylýan işlere gatnaşmak;
- Suw bilen üpjünçiligi we ýerleriň suwarylmagyny guramak;
- Dökünleri garmak;
- Nasoslaryň we beýleki enjamlaryň abat ýagdaýda saklanmagyna gözegçilik etmek;
- Iş ýeriniň arassaçylygyny üpjün etmek;
- Çägäniň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça işleri ýerine ýetirmek.
Talaplar:
- Ýaşy: 22–40 ýaş;
- Tejribesi bolan dalaşgärlere artykmaçlyk berilýär.
Zähmet haky: 3000 manat.
Iş wagty: 08:00–18:00.
Iş ýeri: Promzona.
Şertler: Ýatak jaýy we günde üç wagt nahar bilen üpjün edilýär.
6. Agronom
Wezipeleri:
- Täze açyljak ýyladyşhanalarda we merkezi agronomçylyk bölüminde degişli işleri öwrenmek we ýerine ýetirmek;
- Işgäriň ukybyna we başarnyklaryna görä degişli wezipäni kesgitlemek.
Talaplar:
- Ýaşy: 22–30 ýaş;
- Erkek dalaşgärler.
Zähmet haky: başlangyç 4000 manat, soňra iş netijelerine görä gaýtadan seredilýär.
Iş wagty: 09:00–18:00.
Iş ýeri: Änew, Promzona.
7. Ýyladyşhana boýunça hasapçy
Wezipeleri:
- Ýyladyşhananyň çäginde alnyp barylýan maliýe amallarynyň hasabyny ýöretmek;
- Çykdajylary hasaba almak;
- Dermanlaryň we dökünleriň ulanylyşyny hasaba almak;
- Aluw-satuw amallarynyň hasabyny ýöretmek;
- Aýlyk ýyladyşhana sargytlaryny jemlemek;
- Hasabatlary we inwentar sanawlaryny taýýarlamak;
- Word we Excel programmalarynda işlemek.
Talaplar:
- Ýaşy: 22–35 ýaş;
- Zenan dalaşgärler;
- Kompýuter programmalaryny bilmeli;
- Iş tejribesi bolan dalaşgärlere artykmaçlyk berilýär.
- Word we Excel programmalarynda iş ukyby.
Zähmet haky: başlangyç 3000 manat, soňra iş tejribesine we netijelerine görä gaýtadan seredilýär.
Iş wagty: 09:00–18:00.
Iş ýeri: Änew.
8. Ammar müdiri
Wezipeleri:
- Ammara gelýän we çykarylýan harytlary we materiallary kabul etmek, sanamak we hasaba almak;
- Harytlaryň giriş-çykyş hereketine gözegçilik etmek;
- Ammardaky işgärleriň işine gözegçilik etmek.
Talaplar:
- Ýaşy: 25–40 ýaş;
- Erkek dalaşgärler;
- Gurluşyk materiallaryny tanamaly;
- Degişli iş tejribesi bolmaly;
- Iş ýerinde galyp işlemek mümkinçiligine taýýar bolmaly.
Zähmet haky: 5000 manat.
Iş wagty: 08:00–18:00.
Iş ýeri: Promzona.
Şertler: Ýatak jaýy we günde üç wagt nahar bilen üpjün edilýär.
Habarlaşmak üçin: 863-32-64-99 / 862-29-66-59