SCRMET
Vacancy
Önümçilik kärhanasynda marketing we brend boýunça jogapkär iş orny
Schedule:
Wezipe boýunça esasy jogapkärçilikler:
- Brendiň umumy marketing strategiýasyny işläp düzmek hem-de ýerine ýetirilmegine gözegçilik etmek;
- Marketing ýörelgeleriniň dogry we yzygiderli ulanylmagyny üpjün etmek;
- Reklama kampaniýalaryny işläp taýýarlamak, utgaşdyrmak we ýerine ýetirmek;
- Dizaýn taslamalarynyň (maketler, bannerler we dizaýn materiallary) kompaniýanyň stiline laýyklygyny barlamak;
- Promo materiallaryny (çap materiallar, sowgatlyklar, mahabat önümleri) sargyt etmek we hiline gözegçilik etmek;
- Reklama serişdeleri bilen hyzmatdaşlyk etmek we degişli materiallary taýýarlatmak;
- Brendiň dürli kanallardaky (sosial media, websaýt, çaphana) marketing mazmunlaryny sazlamak;
- Täzelikler, kampaniýalar we önümler boýunça PR strategiýasyny düzmek.
Talaplar:
- Marketing ýa-da brend dolandyryşy boýunça iş tejribesi;
- Dizaýn düşünjesi we grafiki materiallara baha bermek ukyby;
- Iş gurnama we döredijilik pikirleniş ukyby.
Artykmaçlyk hökmünde garalar:
- Adobe Illustrator, Photoshop ýaly programmalarda başlangyç derejeli ukybyň bolmagy;
- Türkmen, rus we iňlis dillerinde işleşmek başarnygy;
- Awtoulag ýa-da degişli senagat ugurlarynda (awtoulag hyzmatlary, ätiýaçlyk şaýlary, tehniki hyzmat) öňden bar bolan iş tejribesi.
Gyzyklanýanlar CV-lerini info@business.com.tm salgysyna iberip bilerler.
Read also