Vacancy

“PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasy Işe girizmek boýunça inžener wezipesine hünarmenleri işe çagyrýar

Schedule:

“PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasy ökde hünärli dalaşgärleri işe çagyrýar: Türkmenbaşy etrabynyň Gyýanly obasynda işlemek üçin hünärmen (Işe girizmek boýunça inžener/Meýdançadaky kompaniýanyň wekili)

Bildirilyän talaplar:

Dalaşgärler özleri barada doly maglumatlary we aşakdaky bentlere degişli resminamalary bermelidirler:

  • Bilimi: Mehanika/mehatronika, himiýa, elektrika/elektronika, barlag-ölçeg abzallary, taslama düzmek/raýat gurluşygy we material akymlaryny işlemek pudaklaryndan ýa-da başga degişli pudak boýunça diplomy bolmaly.
  • Iş tejribesi: Ýokary okuw jaýynyň täze uçurymy. Nebit-gaz senagatynyň degişli pudagynda alnan iş tejribesi goşmaça artykmaçlyk bolup durýar.
  • Dil ukyplary: Iňlis, türkmen, rus dillerinde erkin gürläp we ýazyp bilmeli.
  • Endikleri we başarnyklary: «SAP» we «MS Office» programmalarynda işläp bilmeli.

Sowalnamalary “PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasynyň Aşgabat şäheriniň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýynda ýerleşýän («B» blok) edara binasyndan alyp bilersiňiz.

Doldurylan sowalnamalar şu habaryň çap edilen gününden başlap, 2 hepdeden gijä galman ”PÇ(T)SB” kompaniýasyna dalaşgäriň doly ady, familiýasy görkezilip tabşyrylmalydyr ýa-da recruitment.tm@petronas.com.my еlektron salgysy boýunça ugradylyp bilner.

Diňe Kompaniýa tarapyndan wezipä bildirilýän talaplara laýyk gelýän dalaşgärler saýlanylyp alynar we şöhbetdeşlige çagyrylar.

Contact
Employer:
“PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasy
Mail:
recruitment.tm@petronas.com.my
Region:
Balkan
2022