SCRMET
Vacancy
Satyjy (konsultant) – Halkara ýuwelir brendi (Aşgabat, Türkmenistan)
Schedule:
Halkara ýuwelir brendi Aşgabatda täze franşiz dükanyny açýar we işjeň hem-de jogapkärli satyjylary işe çagyrýar.
Wezipeleri:
- Müşderileri mähirli garşy almak we olara jogapkärçilikli hyzmat etmek;
- Ýuwelir önümleri boýunça maslahat bermek we şaý-sepleri saýlamaga kömek etmek;
- Söwda amallaryny resmileşdirmek;
- Dükanda tertip-düzgüni saklamak we harytlaryň ýerleşdirilişine gözegçilik etmek;
- Inwentarizasiýa işlerine we söwda meýilnamalarynyň ýerine ýetirilişine gatnaşmak.
Talaplar:
- Söwda ýa-da hyzmat pudagynda iş tejribesi;
- Dürs we düşnükli gepleşmek ukyby, gowy aragatnaşyk endikleri;
- Türkmen we rus dillerini erkin bilmek;
- Köpçülik bilen işleşmegi başarmak;
- Öňki iş ýerlerinden maslahat hatlarynyň bolmagy has howy.
Iş şertleri
- Iş bilen doly üpjünçilik, durnukly zähmet haky we söwda netijelerine görä bonuslar;
- Kompaniýanyň hasabyna ýuwelir boýunça okuw;
- Işde ösüş mümkinçilikleri;
- Göwnejaý we döwrebap iş gurşawy;
- Iki smena: 10.00 - 16.00 / 16.00 - 22.00.
- Iş ýeri: Aşgabat, Türkmenistan
Terjimehalyňyzy ýa-da 3x4 suratly rezýumeňizi şu email salgysyna iberiň: luxurydmcc@gmail.com
Kabul edişligiň tamamlanýan wagty: 20.05.2025
Diňe saýlanan dalaşgärler bilen habarlaşylar.
Read also