Vacancy

“PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasy ýataklaryň seljerişi boýunça hünärmen gözleýär

“PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasy ökde hünärli dalaşgärleri işe çagyrýar:

Türkmenbaşy etrabynyň Gyýanly obasynda işlemek üçin Hünärmen (Ýataklaryň seljerişi)

Bildirilyän talaplar:

Dalaşgärler özleri barada doly maglumatlary we aşakdaky bentlere degişli resminamalary bermelidirler:

  • Bilimi: islendik inženerçilik ugry boýunça ýokary bilimi bolmaly (himiki inženerçilik ýa-da nebiti we gazy gazyp almak tehnologiýasy ileri tutulýar).
  • Iş tejribesi: degişli pudakda 5-7 ýyl iş tejribesi bolmaly.
  • Dil ukyplary: iňlis, türkmen, rus dillerinde erkin gürläp we ýazyp bilmeli.
  • Endikleri we başarnyklary: «MS Office» programmalarynda işläp bilmeli.

Sowalnamalary “PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasynyň Aşgabat şäheriniň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýynda ýerleşýän («B» blok) edara binasyndan alyp bilersiňiz.

Doldurylan sowalnamalar şu habaryň çap edilen gününden başlap, 2 hepdeden gijä galman ”PÇ(T)SB” kompaniýasyna dalaşgäriň doly ady, familiýasy görkezilip tabşyrylmalydyr ýa-da recruitment.tm@petronas.com.my еlektron salgysy boýunça ugradylyp bilner.

Diňe talaplara laýyk gelýän dalaşgärler söhbetdeşlige çagyrylar.

Contact
Employer:
“PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasy
Mail:
recruitment.tm@petronas.com.my
Region:
Balkan
2022