SCRMET
Vacancy
“Jeýhun bahrysy” hususy kärhanasy gümrük resmileşdiriş hünärmenini işe çagyrýar
“Jeýhun bahrysy” hususy kärhanasy Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheri üçin gümrük resmileşdiriş hünärmenini işe çagyrýar
Talaplar:
- Ýokary bilim;
- Hünär boýunça azyndan 2 ýyl iş tejribesi;
- Ýaşy 25–40 aralygynda;
- Türkmenabat şäherinde ýaşaýan we şol ýerde ýazgyda duran bolmaly;
- Kompýuter programmalary, internet we elektron poçta bilen işlemek başarnygy;
- Türkmen we rus dillerini dilden hem-de ýazuwda ýokary derejede bilmek;
- Şahsy awtoulagyň bolmagy hökmany.
Wezipeleri:
- Lebap welaýatynyň çäginde ýükleri düşürmek işlerini utgaşdyrmak;
- Resminamalary taýýarlamak, barlamak we olary gümrük nokatlaryna hem-de standartlaşdyryş boýunça degişli döwlet edaralaryna tabşyrmak;
- Harytlary barlaghana seljermelerine tabşyrmak;
- Dürli döwlet edaralarynda kärhananyň bähbitlerine wekilçilik etmek.
Iş tertibi: ylalaşyk esasynda.
Aýlyk zähmet haky: söhbetdeşligiň netijeleri boýunça kesgitlenilýär.
Gyzyklanýan dalaşgärler öz terjimehallaryny (CV) şu elektron poçta salgysyna iberip bilerler: timurhaitov7@gmail.com
Read also