Vacancy

"PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasy Reanimatolog Lukmany wezipesine ökde hünärli dalaşgärleri işe çagyrýar

“PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasy ökde hünärli dalaşgärleri işe çagyrýar:

Gyýanly obasynda işlemek üçin Reanimatolog Lukmany.

Bildirilyän talaplar:

  • Dalaşgärler özleri barada doly maglumatlary we aşakdaky bentlere degişli resminamalary bermelidirler:
  • Bilimi: lukmançylyk bilimi hakynda diplomy we kliniki ordinaturada (möhleti 2 ýyl) taýýarlygy ýa-da hünär kämilleşdiriş okuwyny - internaturada (möhleti 1 ýyl) geçenligi barada Şahadatnamasy bolmaly.
  • Iş tejribesi: Rezýüme tabşyrylanda, dalaşgäriň kliniki ordinaturany we internaturany hasaba almazdan soňky 5 ýylyň dowamynda yzygiderli umumy reanimasiýa boýunça tejribesi bolmaly.
  • Dil ukyplary: iňlis, türkmen we rus dillerinde erkin gürläp we ýazyp bilmeli.
  • Endikleri we başarnyklary: Kompýuter başarnyklary boýunça ýokary derejeli bilimi bolmaly we «MS Office» programmalarynda işläp bilmeli.

Sowalnamalary “PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasynyň Aşgabat şäheriniň Saparmyrat Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýynda ýerleşýän (“B” blok) edara binasyndan alyp bilersiňiz. Doldurylan sowalnamalar 11 sentýabr 2026 ýyl senesinden gijä galman ”PÇ(T)SB” kompaniýasyna dalaşgäriň doly ady, familiýasy görkezilip tabşyrylmalydyr ýa-da recruitment.tm@petronas.com.my еlektron salgysy boýunça ugradylyp bilner.

Diňe talaplara laýyk gelýän dalaşgärler söhbetdeşlige çagyrylar.

Contact
Employer:
"PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd” kompaniýasy
Mail:
recruitment.tm@petronas.com.my
Region:
Balkan
2022